ABŞ-nyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Klara şäherinde geçirildi.
Ýeňiji ýygyndynyň gollaryny Folarin Balogun (45-nji minutda) hem-de Malik Tillman (82-nji minutda) geçirdi. Balogun 64-nji minutda meýdançadan çykaryldy. Baş emin Rafael Klaus wideogaýtalanyşy synlandan soň, oňa göni gyzyl duýduryşy görkezdi. Şeýlelikde, ABŞ-nyň ýygyndysynyň hüjümçisi dünýä çempionatynyň pleý-off duşuşygynda hem pökgi geçirip, hem-de meýdançadan çykarylan taryhda dördünji futbolçy boldy. Mundan ozal şeýle netije braziliýaly Garrinça, Ronaldinýo we fransiýaly Zinedin Zidan tarapyndan gazanylypdy.
ABŞ-nyň milli ýygyndysy 24 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatynyň ilkinji pleý-off tapgyryndan geçmegi başardy. Katarda geçirilen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda amerikan futbolçylary 1/8 finalda ýaryşdan çykypdy. Şol wagtky 32 toparly ulgamda bu pleý-off oýunlarynyň ilkinji tapgyrydy. ABŞ-nyň ýygyndysy 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmändi. 2010-njy we 2014-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynda 1/8 finalda ýaryşdan çykdy, 2006-njy ýylda toparçadan çykyp bilmedi, 2002-nji ýylda bolsa çärýek finala çenli ýetipdi.
Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy taryhynda ikinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşdy we ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykdy. Topar 2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen dünýä çempionatynda öz toparçasynda üçünji orny eýeläpdi.
Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda ABŞ-nyň milli ýygyndysy goşmaça wagtda Senegaly 3:2 hasabynda ýeňen Belgiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 7-nji iýulda Sietl şäherinde geçiriler.