Turkmenportal logo
Şu gün 10:09
21172117
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Keýniň geçiren iki pökgüsi Angliýanyň ýygyndysyny 1/8 finala çykardy

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde geçirildi.

Ýeňiji toparyň düzüminde iki pökgini hem Garri Keýn tora girizdi (75-nji we 86-njy minutlarda). Kongo Demokratik Respublikasynyň düzüminde bolsa Brian Sipenga duşuşygyň 7-nji minudynda tapawutlandy.

Mýunheniň «Bawariýa» klubynyň hüjümçisi Garri Keýn duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol dünýä çempionatlarynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçiren oýunlarynda jemi 13 pökgi geçirip, bu görkeziji boýunça toparyň taryhyndaky iň netijeli futbolçy bolmagynda galýar. Şeýle-de Keýniň milli ýygyndynyň düzüminde geçiren 118 duşuşygynda geçiren 84 pökgüsi hem Angliýanyň milli ýygyndysynyň rekordydyr.

«Pleý-off tapgyryna çykanyňdan soň jogapkärçilik hem-de töwekgelçilik ep-esli artýar. Şeýle-de bolsa, hüjüm nukdaýnazaryndan seredeniňde, bu biziň şu çempionatdaky iň gowy oýnumyz boldy. Käwagt ýeňşi tutanýerlilik bilen gazanmaly bolýar. Biz şu gün hut şony başardyk. Men ýigitlere oýundan lezzet almagy maslahat berdim. Biz indiki tapgyra çykdyk, dört günden soň bolsa ýene bir duşuşyk geçireris. Toparymyzyň örän güýçlüdigine ynanýaryn. Şu depgini saklap bileris diýip umyt edýärin» — diýip, Garri Keýniň sözlerini Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda getirilýär.

Angliýanyň milli ýygyndysy 1/8 finalda Meksikanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 6-njy iýulda Mehiko şäherinde geçiriler.

Keýniň geçiren iki pökgüsi Angliýanyň ýygyndysyny 1/8 finala çykardy | Turkmenportal.com