Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutag iberdi. Bu barada TDH habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmäge we gülläp ösmäge esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.