Turkmenportal logo
Düýn 23:49
47584758
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze suw göteriji beketleriň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze suw göteriji 21-nji we 22-nji beketleriň açylyş dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen 21-nji suw göteriji bekediň çägindäki giň toý meýdançasynda buýsançly çykyşlara, welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Bellenilişi ýaly, Garagum derýasynyň 828-nji kilometrinde gurlan täze suw göteriji bekediň gurluşyk işleri türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy. Täze beketde dürli öndürijiligi bolan suw göteriji enjamlaryň 8-si oturdylyp, olar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň KSB kompaniýasynyň önümleridir.

Taslama laýyklykda, Garagum derýasynyň suwy 21-nji suw göteriji bekedinden takmynan 7 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän 22-nji bekediň suw getiriji akabasyna basyşly suw geçiriji turbalar arkaly eltilýär. Şeýlelikde, derýanyň suwuny onuň hanasyndan 130 metr belentlikdäki ekerançylyk meýdanlaryna ýitgisiz paýlamaga durnukly mümkinçilik döreýär. 22-nji bekediň suw getiriji akabasyna getirilen suw 7-si işçi, 3-si ätiýaçlyk bolan suw göteriji enjamlaryň jemi 10-sy arkaly has belentde ýerleşýän ekerançylyk meýdanlaryna paýlanýar. Netijede, bu döwrebap suwaryş ulgamynyň ulanmaga berilmegi bilen, umumy meýdany 6 müň 198 gektara barabar bolan ekin meýdanlaryny sanly ulgam arkaly tygşytly usulda suwarmaga giň ýol açyldy.

Täze suw göteriji beketleriň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçy-hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.