Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti ýurda sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Köşerbaýewi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegine Gazagystanda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary iki halkyň arasyndaky köpýyllyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmäge esaslanýar. Türkmenistan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge hem pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.