Turkmenportal logo
Düýn 21:46
61346134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap döwletde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. B.Gündogdyýew ýurduň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsüminiň netijeleri,  Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly baýramynyň ýokary derejede bellenilip geçilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 6 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurduň goranyş häsiýetli harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemledi.