Turkmenportal logo
Şu gün 17:06
21292129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä ummanynyň temperaturasy iýun aýynda taryhy rekord derejä ýetdi

Dünýä ummanynyň üstki gatlagynyň ortaça temperaturasy iýun aýy üçin taryhda ilkinji gezek rekord derejä ýetip, 20,86°C boldy. Täze iň ýokary görkeziji 21-nji iýunda hasaba alyndy we 2024-nji ýylda goýlan öňki rekorddan ýokary boldy. Bu maglumatlar hemralardan, gämilerden we umman buýlaryndan alnan maglumatlaryň esasynda Ýewropanyň howanyň üýtgemegi boýunça «Copernicus Climate Change Service» gullugy tarapyndan çap edildi.

Şol bir wagtyň özünde Copernicus deňiz gullugy (Copernicus Marine Service) hem şuňa meňzeş maglumatlary habar berdi. Gullugyň berýän maglumatlaryna görä, 21-nji iýunda ummanyň üstki gatlagynyň temperaturasy 21°C bolup, bu hem iýun aýy üçin täze rekord hasaplanýar.

Hünärmenler umman suwlarynyň adatdan daşary gyzmagyny ekwatorial Ýuwaş ummanynda suwuň temperaturasynyň kadadan ýokary galmagyna sebäp bolýan El-Ninýo howa hadysasy bilen baglanyşdyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde alymlar bu ýagdaýda adam işjeňliginiň netijesinde ýüze çykýan howa üýtgemeleriniň hem möhüm täsir edýändigini belleýärler.

«Copernicus Climate Change Service» gullugynyň direktory Karlo Buontempo häzirki görkezijileriň howa üýtgemeleriniň täze tapgyrynyň başlanýandygyna yşarat edip biljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ummanyň temperaturasynyň häzirki derejesi we El-Ninýo hadysasynyň ösüşi ýakyn aýlarda täze temperatura rekordlarynyň goýulmagyna getirip biler.

Bilermenler umman temperaturasynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagynyň yssy tolkunlarynyň güýçlenmegine, tropiki tupanlaryň has kuwwatly bolmagyna, güýçli ýagyşlaryň we suw joşmalarynyň töwekgelçiliginiň artmagyna sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar. Mundan başga-da, umman suwlarynyň gyzmagy deňiz ekoulgamalaryna hem uly howp salýar: merjen gaýalarynyň köpçülikleýin reňkini ýitirmegine, deňiz janly-jandarlarynyň ýaşaýyşyna ýaramaz täsir ýetirmegine we Dünýä ummanynyň suw derejesiniň ýokarlanmagynyň çaltlaşmagyna getirýär.

Dünýä ummanynyň temperaturasy iýun aýynda taryhy rekord derejä ýetdi | Turkmenportal.com