Turkmenportal logo
Şu gün 10:43
30033003
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Köşerbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gazak wekiliýetini Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew garşylady. Saparyň ilkinji güni medeni maksatnama bagyşlandy.

Ýermek Köşerbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada gelen dessine «Laçyn» seýilgähine baryp, gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşdy. Aşgabatda oturdylan bu ýadygärlik türkmen we gazak halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň nyşany hasaplanýar.

Soňra gazak wekiliýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna baryp, ýadygärligiň etegine gül çemenini goýdy.

Agşam myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Olar üçin muzeý boýunça gezelenç guralyp, türkmen halkynyň taryhyny we etnografik mirasyny şöhlelendirýän arheologik tapyndylar hem-de beýleki gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy.

Ýermek Köşerbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümine Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň esasy düzümleriniň ýolbaşçylary girdi.