Turkmenportal logo
Şu gün 00:25
29422942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Holandyň geçiren goly Norwegiýanyň ýygyndysyny DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykardy

Norwegiýanyň futbol ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Antonio Nusa (39-njy minutda) we Erling Holand (86-njy minutda) geçirdi. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa 74-nji minutda Amad Diallo geçirdi.

Norwegiýa 1/8 finalda Braziliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 6-njy iýulda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar.

Holandyň şu dünýä çempionatyndaky gollarynyň sany bäşe ýetdi. Ýaryşyň iň köp pökgi geçiren futbolçylarynyň sanawynda ol diňe Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiden yza galýar. Messiniň hasabynda alty gol bar.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşýan bu ýaryşy 19-njy iýulda tamamlanar. Dünýä çempionatynyň häzirki çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.