Turkmenportal logo
30.06.2026
1231112311
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýan BMG-niň utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, şeýle hem durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geljekki konstruktiw hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Şlapaçenkonyň Türkmenistan bilen BMG-niň ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ilerledilmegine goşan uly goşandyny belledi. Ministr R.Meredow diplomata geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi we onuň mundan beýläkki işleriniň hem halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Dmitriý Şlapaçenko türkmen tarapyna öz iş döwründe görkezilen goldaw we ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.