Turkmenportal logo
Şu gün 15:40
26422642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daewoo E&C kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky Koreýa bilim merkezine baryp gördi

Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky Koreýa bilim merkezinde Günorta Koreýanyň Daewoo E&C gurluşyk kompaniýasy tarapyndan merkeze täze okuw-usulyýet we görkezme esbaplarynyň toplumynyň gowşurylmagy mynasybetli koreý medeniýetine bagyşlanan amaly okuw sapagy geçirildi.

Çärä Daewoo E&C kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy jenap Çon Won Junyň şahsy özi gatnaşdy. Ol merkeziň mugallymy Aýbibi Marlyýewanyň ýolbaşçylygynda talyplar bilen bilelikde koreý halkynyň däp bolan bagt bukjasyny — bokjumoni (복주머니) taýýarlamaga gatnaşdy. Okuwçylar täze okuw serişdelerini amaly taýdan ulanmak hem-de hormatly myhman bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligine eýe boldular.

Saparyň dowamynda koreý dilini öwrenmekde ýokary netijeleri gazanan we merkeziň bilim işine işjeň gatnaşýan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi. Tapawutlanan okuwçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň aýratyn pursatlarynyň biri hem merkeziň iň gowy talybyna Daewoo E&C kompaniýasynyň şahamçasynda üç aýlyk tejribelik geçmek üçin çakylygyň gowşurylmagy boldy. Bu mümkinçilik oňa halkara kompaniýasynda iş tejribesini edinmäge we koreý dili boýunça bilimini iş ýüzünde ulanmaga şert döreder.

Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky institutyň direktory Mylaýym Hudaýnazarowa şeýle saparlaryň ähmiýetini belläp, gowşurylan okuw-usulyýet materiallarynyň okuw işine ornaşdyrylmagynyň talyplaryň Koreýa Respublikasynyň däp-dessurlary we medeni mirasy bilen has çuňňur tanyşmagyna ýardam berýändigini nygtady.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky medeni alyş-çalyşyň we hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky mysaly boldy.

Daewoo E&C kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Aşgabatdaky Patyşa Sejon adyndaky Koreýa bilim merkezine baryp gördi | Turkmenportal.com