Turkmenportal logo
Şu gün 14:00
40114011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen samboçylary Manilada geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 16 medal gazandylar

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy 28-nji iýunda Manilada tamamlanan Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 16 medal gazandy. Türkmen türgenleriniň hasabynda 4 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medal bar. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) resmi saýtynda habar berilýär.

25–28-nji iýun aralygynda Filippinleriň paýtagty Maniladaky Ninoy Akino adyndaky stadionda iki yklym ýaryşy – ulularyň arasynda sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty, şeýle hem oglanlaryň, gyzlaryň, ýetginjek oglanlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň birinjiligi geçirildi. Bu abraýly yklym ýaryşlary taryhda ilkinji gezek Filippinlerde guraldy.

Ýaryşyň guramaçylary hökmünde Aziýanyň we Okeaniýanyň Sambo birleşigi (AOSU) hem-de Filippinleriň Sambo federasiýasy (PSFI) çykyş etdi. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, ýaryşlara Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 31 ýurdundan 500-den gowrak türgen gatnaşdy.

Türkmenistanly türgenlerden altyn medallary aşakdakylar gazandy: Jasur Döwrangulyýew (79 kg çenli, sport sambosy, ýetginjekler), Alyhan Aýdogdyýew (58 kg çenli, söweş sambosy, ýetginjekler), Hüseýin Begenjow (79 kg çenli, söweş sambosy, ýetginjekler), Sapar Döwletow (71 kg çenli, sport sambosy, erkekler).

Serdar Şeripow (53 kg çenli, sport sambosy, oglanlar), Annamuhammet Annamuhammedow (64 kg çenli, sport sambosy, oglanlar), Myratgeldi Myradow (88 kg çenli, söweş sambosy, ýetginjekler), Hakberdi Jumaýew (58 kg çenli, söweş sambosy, erkekler), Isa Geldiýew (64 kg çenli, söweş sambosy, erkekler), Babamyrat Baýramow (64 kg çenli, sport sambosy, erkekler), Allanazar Orazmuhammedow (79 kg çenli, söweş sambosy, erkekler) kümüş medallara mynasyp bolan türgenler: 

Bürünç medallary bolsa şu türgenler eýelediler: Ilşat Döwranow (58 kg çenli, sport sambosy, ýetginjekler), Aýmuhammet Gatyýew (71 kg çenli, söweş sambosy, ýetginjekler), Merdan Myratgeldiýew (71 kg çenli, söweş sambosy, erkekler), Muhammetmyrat Bäbekow (58 kg çenli, sport sambosy, erkekler), Permangeldi Durdyýew (88 kg çenli, söweş sambosy, erkekler).