«SINOPEC-iň» Türkmenistandaky şahamçasy 4 ýylyň içinde umumy bahasy, takmynan, 200 million amerikan dollaryna barabar bolan 1 million tonnadan gowrak nebit gazyp aldy. Bu barada «Biznes reklama» gazetine salgylanyp, ussatnews.com habar berýär.
Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit serwis kompaniýasynyň bu taslamasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde amaly aşyrylýar.
Kompaniýa nebit serwis hyzmatlarynyň giň toplumyny ýerine ýetirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde gündelik gazylyp alynýan nebitiň möçberi 1,5 müň tonnadan gowrak artdy.
Şeýle hem «SINOPEC-iň» şahamçasy Şatlyk, Döwletabat, Ýaşyldepe we Bagtyýarlyk ýataklaryndaky işlere gatnaşyp, ol ýerlerde guýulary burawlamak, düýpli abatlamak hem-de gaz we nebit gazyp almagy artdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrdy.
Geljekde kompaniýa Türkmenistanda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegi, köp ýyllardan bäri ulanylyp gelinýän ýataklary özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagy we täze taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýär.