Turkmenportal logo
Şu gün 10:43
46934693
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Paragwaýyň Prezidenti milli ýygyndynyň Germaniýadan üstün çykandan soň 30-njy iýuny dynç güni diýip yglan etdi

Paragwaýyň Prezidenti Santýago Penýa milli ýygyndynyň futbol boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykmagy mynasybetli 30-njy iýuny baýramçylyk we dynç güni diýip yglan etdi. Bu barada ol özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

«Şu gün tutuş ýurt baýram edýär. Öňe, Paragwaý!» — diýip, Prezident ýazdy.

Germaniýanyň milli ýygyndysy garaşylmadyk ýagdaýda Paragwaýdan ýeňlip, dünýä çempionlygy ugrundaky göreşden çykdy. ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett Stedium» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Paragwaýly futbolçy Hulio Ensiso 42-nji minutda hasaby açdy, Germaniýanyň hüjümçisi Kaý Hawers bolsa 54-nji minutda hasaby deňledi. Oýundan soň bellenen penalti urgularynda Paragwaýyň futbolçylary has takyk çykyş edip, 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.