Paragwaýyň Prezidenti Santýago Penýa milli ýygyndynyň futbol boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykmagy mynasybetli 30-njy iýuny baýramçylyk we dynç güni diýip yglan etdi. Bu barada ol özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.
«Şu gün tutuş ýurt baýram edýär. Öňe, Paragwaý!» — diýip, Prezident ýazdy.
Germaniýanyň milli ýygyndysy garaşylmadyk ýagdaýda Paragwaýdan ýeňlip, dünýä çempionlygy ugrundaky göreşden çykdy. ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett Stedium» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Paragwaýly futbolçy Hulio Ensiso 42-nji minutda hasaby açdy, Germaniýanyň hüjümçisi Kaý Hawers bolsa 54-nji minutda hasaby deňledi. Oýundan soň bellenen penalti urgularynda Paragwaýyň futbolçylary has takyk çykyş edip, 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.