Marokkonyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Niderlandlaryň ýygyndysyny oýundan soňky penaltiler urgularynda ýeňip, indiki tapgyra çykdy. Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen duşuşygyň netijesinde Niderlandlaryň ýygyndysy ýaryş bilen hoşlaşdy.
Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Niderlandlaryň düzüminde 72-nji minutda Kodi Gakpo tapawutlandy. Marokkonyň toparyndan bolsa 90+1-nji minutda Issa Diop hasaby deňledi. Oýundan soň bellenen penaltiler urgularynda marokkoly futbolçylar has takyk çykyş edip, 3:2 hasabynda üstün çykdylar.
Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça Marokkonyň ýygyndysy C toparçada ikinji orny, Niderlandlar bolsa F toparçada birinji orny eýeledi. Indi Marokkonyň ýygyndysy 1/8 finalda Kanadanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 4-nji iýulda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçiriler.