Turkmenportal logo
Şu gün 09:39
30933093
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan  TDG-niň sammitine hem-de СOP31 maslahatyna gatnaşar

yň Milli Lideri Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Biz ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyrys. Bu babatda şu ýylyň güýz aýlarynda Türkiýe Respublikasynda ýokary derejeli möhüm çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada bellemek isleýärin» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (СOP31) gatnaşjakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatda öz goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.