Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belläp, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen doganlyk gatnaşyklary hem-de strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri özara hormat goýmaga, açyklyga hem-de dostluga esaslanýan ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň baş şerti hökmünde belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlygyny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.