Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
«Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýlip, gutlagda bellenilýär.
W.Zelenskiý öz gutlagynda Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, rowaçlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köpugurly döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.
Şeýle-de Ukrainanyň Prezidenti Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirýär.