Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Belarusyň Lideri öz gutlagynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşan saldamly goşandyny aýratyn belledi. Ol ýurduň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýeten sepgitleriniň, bütin dünýäde tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de halkara giňişlikdäki belent abraýynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň köpýyllyk döredijilikli we tutanýerli zähmetiniň hakyky miwesidigini nygtady.
Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň dostlukly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýdyp, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Gutlag hatynyň ahyrynda Belarusyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de doganlyk türkmen halkynyň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.