Turkmenportal logo
Şu gün 12:04
28412841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanada Günorta Afrika Respublikasyny ýeňip, dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykdy

Kanadanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy. Duşuşyk Los-Anjeles şäherinde geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini ikinji ýaryma goşulan wagtyň ikinji minudynda Stiwen Euştakiu geçirdi. Kanadanyň düzüminde toparyň kapitany, Germaniýanyň «Bawariýa» klubunda çykyş edýän Alfonso Deýwis ilkinji gezek şu dünýä çempionatynda meýdança çykdy. Ol şikesi sebäpli toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlary goýberip, bu gezek 75-nji minutda ätiýaçlykdan oýna goşuldy.

Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça Kanada B toparçada, Günorta Afrika Respublikasy bolsa A toparçada ikinji orny eýeledi. Iki ýygyndy hem taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Kanada 1/8 finalda 30-njy iýunda Aşgabat wagty bilen sagat 06:00-da geçiriljek Niderlandlar bilen Marokkonyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar. Kanadanyň gatnaşmagyndaky 1/8 final oýny 4-nji iýulda Hýuston şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.