Turkmenportal logo
Şu gün 11:49
38823882
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maýkl Jekson hakyndaky baýopigi «Oppenheimeriň» rekordyny täzeledi

Aýdymçy Maýkl Jeksonyň durmuşyna bagyşlanan «Michael» atly baýopigi dünýä prokatynda 977 million ABŞ-nyň dollaryny gazanyp, kino taryhynda iň köp girdeji getiren baýopik boldy. Şeýlelikde, ol 2023-nji ýylda surata düşürilen «Oppenheimer» filminiň 975 million dollarlyk netijesinden öňe geçdi. Bu barada Variety neşiri habar berdi.

Mundan başga-da, film aýdym-saz baýopik žanrynda hem täze rekord goýdy. Ol 2018-nji ýylda ekranlara çykan «Bohemian Rhapsody» filminiň 911 million dollarlyk girdejisinden hem ýokary netije gazandy. Film prokatyň ilkinji dynç günlerinde ABŞ-da 97 million, dünýä boýunça bolsa 217 million ABŞ-nyň dollaryny toplap, bu ugurda-da rekord goýdy. 28-nji iýun agşamyndaky ýagdaýa görä, filmiň halkara bazarlaryndaky girdejisi 607,2 million, ABŞ-daky girdejisi bolsa 370,2 million ABŞ-nyň dollaryna ýetdi.

Filmiň režissýory Antuan Fukua ekranlaşdyran eserinde Maýkl Jeksonyň döredijilik ýoluny — Jackson 5 toparyndaky ilkinji çykyşlaryndan başlap, «pop aýdym-sazynyň şasy» derejesine çenli geçen ýoluny beýan edýär. Baş keşbi aýdymçynyň doganoglany Jaafar Jekson ýerine ýetirdi. Bu onuň aktýor hökmünde ilkinji işi boldy. Filmiň prodýuserleri hňkmünde Lionsgate, GK Films we Optimum Productions studiýalary çykyş etdiler.

Variety neşiriniň berýän maglumatyna görä, filmiň uly täjirçilik üstünligi Lionsgate studiýasyny Maýkl Jeksonyň durmuşy barada ýene azyndan bir filmi surata düşürmäge höweslendirip biler.