Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary, Hökümet ýolbaşçylary we beýlekiler doglan güni mynasybetli gutlap, gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý gutlady.