Turkmenportal logo
Düýn 10:42
47544754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty geldi

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Migel Anhel Moratinosdan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty geldi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen hatda şeýle bellenilýär:

«Tutuş dünýäde bitaraplyk syýasatyny, parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmekdäki öňdengörüjilikli hem-de nusgalyk liderligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek isleýärin. Aýratyn-da, men Siziň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny öňe sürmekdäki tagallalaryňyza, şeýle-de Siziň Alyhezretiňiziň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan forumda Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegine ýokary baha berýärin.

Häzirki geosyýasy ýagdaý bilen baglylykda, bahasyna ýetip bolmajak bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak konsepsiýalary belli bir ýylyň çäklerinden daşarda hem goldanylmalydyr. Bu gymmatlyklar tutuş adamzadyň umumy geljeginiň bähbidine halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky ösüşi, hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin yzygiderli esasda ösdürilmelidir hem-de goldanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda biragyzdan kabul eden «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyny mübärekleýärin.

Bu Kararnama öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge çagyrýar hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine, bu ulgamyň guramalaryna jemgyýetçiligiň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky habarlylygyny artdyrmaga gönükdirilen bilim we beýleki çäreleri geçirmek arkaly her ýyl Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi teklip edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyndaky hereketlere çagyryş BMG-niň Siwilizasiýalar birleşiginiň wezipelerine laýyk gelýär. 20 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň «ýumşak güýç» syýasy guraly hökmünde döredilen bu düzüm ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmek, habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça bilim çärelerini geçirmek arkaly ýerli we ählumumy derejede jebisligi pugtalandyrmak üçin dialogy öňe sürýär.

Men we meniň toparym Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň çäklerinde, şeýle-de onuň daşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasyny goldamaga hem-de bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak gymmatlyklaryny ilerletmäge berk ygrarlydyrys. Biz Siziň Hökümetiňiz bilen bilelikdäki çäreleri hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys».