Turkmenportal logo
Şu gün 10:34
28362836
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«YUPEKCHI» yssy tomus möwsümi üçin serginlediji içgileri hödürleýär

Tomsuň yssy günleriniň gelmegi bilen, serginlemäge we suwsuzlygyňy gandyrmaga kömek edýän içgileri dogry saýlamak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. «YUPEKCHI» kompaniýasy tomusky dynç alyşlar, maşgala duşuşyklary we gündelik sarp etmek üçin amatly bolan alkogolsyz önümleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.

«YUPEKCHI» kompaniýasynyň öndürýän önümleriniň hatarynda içgileriň dürli görnüşleri — miwe şireleri, gazly içgiler, sowuk çaý we mineral suwlar bar. Kompaniýanyň meşhur brendleriniň arasynda tagamlaryň we göwrümleriň dürlüligi bilen tapawutlanýan «Bold», «Bulvar», «7gen», «Näzli», «Hoşal», «Pökgi,» «Real» we beýlekiler bar. Tomus paslynda aýratyn orny eýeleýän baý tagamly serginlediji içgiler yssy howa üçin örän amatlydyr. «YUPEKCHI-niň» sowuk içgileri serginlik duýgusyny döretmäge kömek edýär hem-de gezelençleriň, saparlaryň we ýakynlarňyz bilen duşuşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Kompaniýa hile we döwrebap tehnologiýalara aýratyn üns berip, alkogolsyz içgileriň önümçiligini ösdürmegini dowam etdirýär. Şu günki gün «YUPEKCHI»  Türkmenistandaky içgi öndürijileriň iň irileriniň biri bolup, sarp edijilere islendik talaba laýyk gelýän önümleriň giň toplumyny hödürleýär.

Tomus — ýeňilligiň, täzeligiň we ýatda galyjy pursatlaryň wagtydyr, dogry saýlanan serginlediji içgi bolsa yssy güni has-da ýakymly etmäge ýardam berýär.