Ozal habar berşimiz ýaly, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Türkmenistana resmi sapary amala aşyryp, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň çäklerinde Premýer-ministriň hoşniýetli dostlugyň we çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadaga sport motoulagyny gowşurmagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň saparynyň çäklerinde Anwar Ibrahimiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga çuňňur hormatyň nyşany hökmünde «Honda» kysymly motoulagy sowgat bermegi möhüm wakalaryň biri boldy.
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat beren sport motosiklini meşhur malaýziýaly sport ussady, «PETRONAS MIE Racing Honda Team» toparynda çykyş eden Haýrul Idham bin Pawiniň dolandyrandygyny nygtamak gerek. Dünýäde ykrar edilen bu ussat türgen «Super KIP» ady bilen hem meşhurdyr. Ol «World Supersport» ýaryşlarynyň abraýly tapgyrlarynyň dürli çempionatlarynda çykyş edip, ýokary ussatlygyny görkezen türgendir.
Bu motosikl «Supersport 2024» tapgyrynda dünýä çempionatyna gatnaşyp, örän çylşyrymly ýaryş şertlerinde has zerur bolan tizlik, durnuklylyk we rahatlyk görkezmeli bolanda, tehniki taýdan kuwwatly häsiýetini subut etdi. Şoňa görä-de, dünýä möçberindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin döredilen bu sport motosikli ýokary derejede berkligiň, dolandyrmakdaky dürslügiň we takyklygyň, kämillige tarap ymtylyşyň nyşanydyr. Munuň şeýledigini onuň tehniki häsiýetnamalary-da tassyklaýar. Onuň iň ýokary kuwwaty 121 at güýjüne deňdir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň özüne sowgat berlen motoulagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine gowşurmak baradaky çözgüdi ministrligiň ähli işgärleriniň, içeri işler edaralarynyň weteranlarynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň we türgenleriniň şatlygyna şatlyk goşan waka öwrüldi. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagyň Içeri işler ministrligine sowgat beren motoulaglarynyň sergisi guraldy. Onda Malaýziýanyň Premýer-ministri tarapyndan berlen «Honda» motoulagyna möhüm orun berlipdir.
Duşuşykda motosport bilen meşgullanýan ýaşlar «Honda» motoulagynyň tehniki mümkinçilikleri, onuň hereketlendirijisiniň kuwwaty, tizligini artdyrmak hem-de çalt saklamak babatdaky şertleri barada içgin gyzyklandylar. Şeýle hem türgenler täze motoulagy sürüp gördüler. Türgen Sport ulag merkeziniň türgenleşik meýdançasynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy. Motoulagyň tizligi we ykjamlygy dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.