Turkmenportal logo
Şu gün 09:43
20422042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli şäheriň ýaşaýjylaryny gutlady

enistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli şäheriň ýaşaýjylaryny gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, täsin gözelligi, kämil tehnologiýalary, milli binagärlik aýratynlygy bilen bütin dünýäde ykrar edilen Arkadag şäheri döwletiň ykdysady rowaçlygyny, halkyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny alamatlandyrýar. Geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda hatynda: «Halkymyzda ýol, köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Şonuň ýaly-da raýatlaryň bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň bähbidine şäherleri gurmak, iri ýaşaýyş-durmuş taslamasyny amala aşyrmak ykdysady taýdan kuwwatly döwletlere mahsus bolup, olar uzak geljege nur saçýan mukaddeslikdir. Arkadag şäheri hem sahawatly türkmen topragynda dörän kämil sungat eseridir. Gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigaty bilen sazlaşyp, ynsan eli bilen döredilen ajaýyp gözellikdir. Bu şäheriň gurulmagy bilen, halkymyzyň durmuşynda uly özgertmeler, beýik ösüşler rowaçlanýar. Munuň özi her bir adamy, maşgalany goldamak boýunça döwlet syýasatymyzyň aýdyň görkezijisidir» diýlip bellenilýär.

«Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biridir. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu işler merdana halkymyzyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri haýyr-sahawat işleriniň dabaralanýan merkezine-de öwrüldi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler uly dabaralara, çuňňur many-mazmuna beslendi. Şäherde gurulýan döwrebap metjidiň golaýda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy hem bu mekanda sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar.