ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda pleý-off tapgyryna badalga berildi. Taryhda ilkinji gezek ýaryşyň ýeňilen çykmaly ulgamynda 32 ýygyndy çykyş eder. Olaryň hatarynda 12 toparçanyň hersinden ilkinji iki orny eýelän toparlar we üçünji ýerleri eýelänleriň arasyndaky iň gowy sekiz ýygyndy bar.
Pleý-off tapgyryň ilkinji duşuşygy Los-Anjeles şäherinde geçirilip, onda Günorta Afrika Respublikasynyň we Kanadanyň milli ýygyndylary duşuşar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary ýaryşyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.
Futbol boýunça DÇ-2026-nyň 1/16 finalynyň tertibi (Aşgabat wagty bilen):
28-nji iýun
23:55 — Günorta Afrika Respublikasy – Kanada
29-njy iýun
22:00 — Braziliýa – Ýaponiýa
30-njy iýun
01:30 — Germaniýa – Paragwaý
06:00 — Niderlandlar – Marokko
22:00 — Kot-d’Iwuar – Norwegiýa
23:55 — Fransiýa – Şwesiýa
1-nji iýul
06:00 — Meksika – Ekwador
21:00 — Angliýa – Kongo DR
2-nji iýul
01:00 — Belgiýa – Senegal
05:00 — ABŞ – Bosniýa we Gersegowina
23:55 — Ispaniýa – Awstriýa
3-nji iýul
04:00 — Portugaliýa – Horwatiýa
08:00 — Şweýsariýa – Alžir
23:00 — Awstraliýa – Müsür
4-nji iýul
03:00 — Argentina – Kabo-Werde
06:30 — Kolumbiýa – Gana
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň final duşuşygy 19-njy iýulda ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki «MetLife» stadionynda geçiriler.