Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyklary geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşyklar tamamlanandan soňra, Gaznanyň ştab-kwartirasynda Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen «Gap Inşaat» türk kompaniýasynyň arasynda Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak hem-de durkuny täzelemek, onuň çäginde sport we bedenterbiýe toplumyny hem-de 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen döredilen Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan onuň serişdeleriniň hasabyna ýurtda çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.