Turkmenportal logo
Şu gün 09:59
28582858
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hyundai Engineering Co., LTD.» kompaniýasy türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Koreýa Respublikasynyň «Hyundai Engineering Co., LTD.» kompaniýasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylygy gutlag hatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwlet we jemgyýetçilik işine çuňňur hormatyny beýan edip, onuň Türkmenistanyň abadançylygyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny ösdürmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda bitiren uly hyzmatlaryny aýratyn belledi. Gutlagda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň baý durmuş tejribesiniň, paýhasynyň we öňdengörüjilikli syýasatynyň möhüm başlangyçlaryň hem-de iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigi, munuň bolsa ýurduň durnukly ösüşine we halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýändigi nygtalýar.

«Hyundai Engineering Co., LTD.» kompaniýasy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edip, onuň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde egsilmez ruhubelentligiň, ylhamyň we üstünlikleriň hemişe ýar boljakdygyna, her täze günüň bolsa Watanyň we halkyň bähbidine täze üstünlikler hem-de beýik sepgitler bilen şöhratlanjakdygyna ynam bildirdi.