Turkmenportal logo
Şu gün 14:51
17551755
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GZT: Ankaradaky fermada ahalteke atlary köpeldilýär

Türkiýäniň «GZT» neşiri Türkmenistanyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ahalteke atlaryny köpeltmek bilen meşgullanýan Ankaradaky ferma barada gürrüň berdi.

Ahalteke atlary — mundan müňlerçe ýyl ozal häzirki Türkmenistanyň çäklerinde kemala gelen, dünýäniň iň gadymy at tohumlarynyň biridir. Bu bedewler özüniň çaltlygy, adatdan daşary çydamlylygy, akyllylygy, şeýle hem başga hiç bir at tohumynda duş gelmeýän özboluşly altynöwüşginligi bilen tanalýar. «GZT» neşiriniň ýazmagyna görä, köp asyrlaryň dowamynda hökümdarlar we serkerdeler hut şu atlary saýlapdyrlar.

Fermanyň eýesi Petek Çaglar atçylyk bilen bäş ýyl ozal meşgullanyp başlapdyr, ilkinji ahalteke atyny bolsa 2022-nji ýylda satyn alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, başda ony bedewiň daşky gözelligi özüne bendi edipdir. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, ony atyň häsiýeti has köp haýran galdyrypdyr.

«Başda meni onuň gözelligi haýran galdyrdy, ýöne wagtyň geçmegi bilen, bedewiň häsiýetine şonça-da köp geň galdym. Ol ynsan bilen başga hiç bir tohumda görmedik özara baglanyşygyny gurup bilýär. Örän duýgur, adatdan daşary batyr. Ol öňündäki bökdençligi wehim hökmünde däl-de, çözülmeli mesele hökmünde kabul edýär» diýip, neşir fermanyň eýesiniň sözlerini getirýär.

Çaglar bu tohumyň köptaraplylygyny hem belledi: eger ýewropa atlary adadatça konkurda güýçli bolsa, arap we iňlis arassa ganly atlary çapyşyklarda öňe saýlanýan bolsa, ahalteke atlary ähli ugurlarda şowly çykyş etmäge ukyplydyr. Hut şu ýagdaý ony 2025-nji ýylda fermasyny doly derejede diňe şu tohumyň wekillerini köpeltmäge gönükdirmäge iteripdir.

Häzirki wagtda fermada on sany ahalteke aty saklanýar. Iki aý ozal Zerrin atly gysrak saryja gulany dünýä inderdi, oňa «Mihrimah» diýip at dakdylar. «Biz taýçanagy diňe bir täze atyň dogulmagy diýip däl-de, eýsem müňlerçe ýyllyk medeni mirasyň dowamy hökmünde kabul edýäris» diýip, Çaglar nygtady.