Turkmenportal logo
Şu gün 07:53
15701570
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bosniýa we Gersegowina Katardan üstün çykyp, DÇ-2026-nyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklady

Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Katary 3:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Kataryň ýygyndysy ýaryşdan çykmaly boldy.

Ýeňijileriň gollaryny Kerim Alaýbegowiç (29-njy minutda) we Ermin Mamiç (80-nji minutda) geçirdi. Mundan başga-da, 34-nji minutda pökgi katarly goragçy Mahmud Abunada degip, onuň öz derwezesine girdi. Kataryň ýeke-täk goluny Hasan Al-Haýdos (42-nji minutda) geçirdi.

Bosniýa we Gersegowina 4 utuk toplap, B toparçada üçünji orny eýeledi we pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklap galdy. Katar 1 utuk bilen toparçanyň iň soňky ornunda ýerleşip, dünýä çempionatyndaky çykyşyny tamamlamaly boldy. Toparçanyň ýeňijisi 7 utuk bilen Şweýsariýa boldy, Kanada bolsa 4 utuk bilen ikinji orny eýeledi.

Pleý-off tapgyryna her toparçadan ilkinji iki orun eýelän ýygyndylar, şeýle hem öz toparçalarynda üçünji bolan ýygyndylaryň arasynda iň gowy netijäni görkezen sekiz topar çykýar.