Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki meselelerini we türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallarynyň, şol sanda yzygiderli geňeşmeleriň we degişli iş toparlarynyň işiniň, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýanyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.
Öz gezeginde, ilçi türkmen tarapyna özüniň işlän döwründe berlen goldaw we netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.