Turkmenportal logo
Şu gün 11:50
26212621
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Warner Bros. Tom we Jerri barada täze doly metražly filmiň üstünde işleýär

Warner Bros. Animation meşhur gahrymanlar — pişik Tom we syçanjyk Jerri barada täze doly metražly animasiýa filmi döredýär. Bu barada taslamanyň ssenariýsiniň awtory Will MakKormak habar berdi — diýip, championat.com neşiri ýazýar.

Filmiň sýužetine görä, Tom bilen Jerri täze eýelere — biri-birini söýýän ýaş jübüte düşýärler. Şondan soň pişik bilen syçanjyk olaryň gatnaşyklaryny bozmak üçin güýçlerini birleşdirýärler. MakKormak filmi romantik komediýa hökmünde häsiýetlendirip, ony «La-La Lend» atly Oskar baýragyna mynasyp bolan sazly film bilen deňeşdirýär.

MakKormak ssenariýniň üstünde Raşida Jons bilen bilelikde işleýär. Filmiň çykjak senesi we taslama baradaky beýleki maglumatlar häzirlikçe mälim edilmedi.