Horwatiýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Panamanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Toronto şäherinde geçirildi.
Oýundaky ýeke-täk goly 54-nji minutda Ante Budimir geçirdi.
Iki tapgyryň netijeleri boýunça L toparçada Angliýanyň milli ýygyndysy 4 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Şol mukdardaky utuk Gananyň ýygyndysynyň hem hasabyndadyr. Ondan soň Horwatiýa (3 utuk) we Panama (0 utuk) ýerleşýär.
Toparçadaky soňky tapgyrda Panamanyň ýygyndysy Angliýa bilen duşuşar, Horwatiýanyň topary bolsa Gana bilen güýç synanyşar. Duşuşyklar 28-nji iýunda geçiriler.