Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 22–28-nji iýun aralygynda Pekin şäherinde geçirilýän «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly seminara gatnaşýarlar.
Mejlisiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, seminar Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Halk Wekilleriniň Ýygnagynyň Hemişelik komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deputatlary üçin guraldy.
Seminaryň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryş ulgamy boýunça tejribe we pikir alyşmak, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Mundan başga-da, seminaryň wezipelerine ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmak, häzirki dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerini nazara almak bilen, özara bähbitli we özboluşly ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmak girýär.