Turkmenportal logo
Şu gün 12:24
31653165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Ulan-Batorda geçirilen Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşdy

Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda arheologiýa, muzeý işi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumynyň maksady muzeý ulgamynyň işini sanlylaşdyrmakdan ybaratdyr. 

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew forumda eden çykyşynda şeýle belleýär:

— Dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi.

QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2Dştrih kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär.

Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny, girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy barada maglumat beýan edilýär.

Şeýle hem Nurmyrat Annaçaryýew muzeýiň ylmy işleriniň çäklerinde alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.