17–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Sirk dünýäsi ýürekleri birleşdirýär!» atly ilkinji Halkara sirk sungaty festiwaly geçiriler. Bu çäre Täjigistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda guralar – diýip, ýurduň Medeniýet ministrligi habar berýär.
Festiwal Täjigistanyň döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýär we ýurduň Hökümetiniň hem-de Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik işgärleri gatnaşmaga çagyryldy.
Çäräniň esasy maksady sirk sungatyny wagyz etmek, hünärmenleriň arasynda tejribe alyş-çalşygyny ösdürmek, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.