Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanylan serginiň dowamynda elde dokalan ýüpek haly sowgat berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sergi bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri halyçy türkmen telekeçisiniň diwarlygyny synladylar. Bu ýerde telekeçi zenan belent mertebeli myhmana alyp barýan işleri, türkmen halysynyň aýratynlyklary, taryhy, görnüşleri we ony dokamagyň usullary barada gürrüň berdi. Telekeçi zenan myhmany sarpalamagyň türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridigini aýdyp, Anwar Ibrahime elde dokalan ýüpek halysyny sowgat berdi we ony belent mertebeli myhmana gowşuryp bermegini Türkmenistanyň Prezidentinden haýyş etdi. Şeýle hem telekeçi zenan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde türkmen halkynyň Milli Liderine elde dokalan haly horjuny sowgat hökmünde gowşurdy.