Turkmenportal logo
19.06.26
1279312793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Türkmenistan – Malaýziýa: Nebitgaz pudagynda özara hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan – Malaýziýa: Nebitgaz pudagynda özara hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly ylmy-amaly maslahata hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanylan sergä gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar. Bu işde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň uly orny bardyr. Ýurtda işlän ýyllarynyň dowamynda bu kompaniýa Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny goýdy. Bu döwür içinde Hazar deňziniň türkmen böleginde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýulary burawlandy. Bu ägirt uly işleriň netijesinde häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir» we «Garagöldeňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda «Öwez» hem-de «Maşrykow» ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär. Hazar deňzinde bilelikde işlenilen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň we 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlygynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň netijesinde gaz taýýarlaýan zawod, kenar gaz terminaly we deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatda bellenilişi ýaly, bu günki gün uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde, gazy gaýtadan işlemekde, nebit-himiýa senagatynda önümçilik işlerini sanlylaşdyrmakda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda türkmen-malaý hyzmatdaşlygy täze tapgyra gadam basýar.