Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň din wekilleri we ýaşulular bilen bilelikde gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowar geçirildi. Munuň özi Türkmenistanda Gahryman hajy Arkadagyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan beýik işleriň ýagşy dessurlar bilen utgaşykly dowam etdirilýändiginiň, asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ähli kategoriýalar