Turkmenportal logo
Düýn 20:33
27712771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda nebitgaz pudagyndaky Türkmenistan bilen Malaýziýanyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergi açyldy.

Sergä döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň hem-de pudaklaýyn bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşýar. Ekspozisiýada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy gazananlary, häzirki zaman tehnologik çözgütleri we uglewodorod serişdelerini gözlemek hem-de çykarmak, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, gazy gaýtadan işlemek, nebitgaz himiýasy, sanlylaşdyrmak we hünärmenleri taýýarlamak ugurlaryndaky geljegi uly taslamalar görkezilýär.

Gatnaşyjylaryň hatarynda Petronas, SLB (Schlumberger), Halliburton, Dragon Oil, Malaysia Petroleum Resources Corporation hem-de Malaysia Marine and Heavy Engineering ýaly iri halkara kompaniýalar, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet konsernleri, ylmy-barlag institutlary we degişli ýokary okuw mekdepleri bar.

Sergi «Türkmenistan – Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde guraldy. Forum energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini, Hazar deňziniň türkmen böleginiň serişdelerini özleşdirmek meselelerini, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Maslahatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de resmi sapar bilen Aşgabada gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim sergi bilen tanyşdylar.

Ýöriteleşdirilen sergi öz işini 20-nji iýunda hem dowam etdirer.