Turkmenportal logo
Şu gün 16:23
33683368
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda agaç nahalyny oturtdy

19-njy iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibrahim Aşgabatdaky Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýup, onuň ýanynda agaç nahalyny oturtdy. Dabara türkmen halkynyň taryhyna, döwlet garaşsyzlygyna we türkmen döwletiniň kemala geliş ýoluna goýulýan hormat-sarpanyň nyşany hökmünde geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Guwanç Agajanow hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow gatnaşdy.

Juma gününi Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak we agaç nahalyny oturtmak dabarasyna gatnaşmak bilen başladym. Bu çäre ýurduň taryhyna, özygtyýarlylygyna we döwlet hökmünde kemala gelmek ugrunda alyp baran göreşine hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny gazanmagynyň hormatyna bina edilen bu ýadygärlik häzirki zaman Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we milli özboluşlylygynyň baş nyşanlarynyň biri hasaplanýar.

Bu çäre Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanyp barýandygyny hem görkezýär. Şol gatnaşyklar özara hormata, ynama we iki ýurduň hem bähbidine hyzmat edýän dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylyşa esaslanýar — diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Dabara Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara hormatyň, ynamyň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan islegiň has-da berkidilýändigini aýdyň görkezdi.

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.