Turkmenportal logo
Şu gün 15:01
18301830
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda ýangyn-amaly sporty boýunça ýaryş geçirildi

18-nji iýunda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşiklere Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan 10–14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerden düzülen 14 topar gatnaşdy.

Ýaryşyň maksatnamasy bäş tapgyrdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar agaç päsgelçiliklerden geçmek, ýangyn şlangasyny suw çeşmesine çalt birikdirmek, estafeta ylgawy, nyşana top zyňmak hem-de ýangyn söndüriji enjamyň kömegi bilen şertli ýangyny söndürmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Meýletin ýangyn söndürijiler jemgyýeti, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Ýangyn-amaly sporty federasiýasy bilen bilelikde guraldy.

Netijelere görä, üçünji orna «Nesil» çagalar sagaldyş merkeziniň topary, ikinji orna bolsa «Çynar» çagalar sagaldyş merkeziniň topary mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijisi hökmünde Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkeziniň ýaş ýangyn söndürijileri ykrar edildi. Olara göçme kubok gowşuryldy.

Baýrakly orunlary eýelän toparlara hem-de iň işjeň gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.