Turkmenportal logo
Şu gün 12:22
39573957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Spotify» işjeň ulanyjylar üçin konsertlere biletleriň sargytlaryny öňünden kabul edip başlar

«Spotify» striming platformasy «Reserved by Spotify» atly täze hyzmatyň işe girizilýändigini mälim etdi. Bu mümkinçilik iň işjeň ulanyjylara umumy satuw başlamazyndan öň konsertlere biletleri satyn almaga şert döreder. Bu barada TechCrunch saýty habar berýär.

Täze hyzmatdan diňe Premium abuna ýazylanlar peýdalanyp bilerler. Gatnaşyjylary saýlamak programmadaky işjeňlige — diňlenmeleriň sanyna, paýlaşylan ýazgylara we beýleki hereketlere esaslanyp amala aşyrylar. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa fon tertibinde diňlenen aýdymlaryň iň yhlasly janköýerleri kesgitlemekde hasaba alynmajakdygyny aýtdy.

Saýlanan ulanyjylar ätiýaçlandyrylan biletleri goşmaça tölegsiz satyn alyp bilerler. Bu teklip aýratyn bir konsert üçin däl-de, tutuş konsert syýahaty üçin hereket eder. Diňleýji özi üçin amatly senäni, şäheri we zaldaky orunlary saýlap biler. «Reserved by Spotify» arkaly satyn alnan biletleriň gaýtadan satylmagyna rugsat berilmez.

Maksatnamanyň ilkinji gatnaşyjysy amerikaly ýerine ýetiriji Role Model bolar, onuň konsertler tapgyry ABŞ-nyň 17 şäherini öz içine alar. Başlangyç tapgyrda hyzmat diňe ABŞ-da ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten ulanyjylar üçin elýeterlidir. Geljekde «Spotify» bu hyzmaty beýleki ýurtlara hem giňeltmegi meýilleşdirýär.

«Spotify» işjeň ulanyjylar üçin konsertlere biletleriň sargytlaryny öňünden kabul edip başlar | Turkmenportal.com