Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji iýunda Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 2003-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Maddy däl medeni mirasy goramak meseleleri boýunça milli bilermenler girdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda Konwensiýanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi, halkara hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň kämilleşdirilmegi we maddy däl medeni mirasy goramagyň ählumumy ulgamynyň berkidilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garaldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda ýurduň 2003-nji ýylyň Konwensiýasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny goramak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli döwlet syýasatyna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we halklaryň arasynda medeniýetara dialogy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde maddy däl medeni mirasy goramaga gönükdirilen halkara başlangyçlara uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.