Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýasy 10-njy iýunda Dublinde geçirilen APEX Best Airline Awards 2026 baýrak gowşurylyş dabarasynda «Ýewropada iýmit we içgiler boýunça iň gowy hyzmat» baýragyna mynasyp boldy. Dabaranyň çäklerinde Future Travel Experience EMEA forumy hem geçirildi. Bu ýeňiş Turkish Airlines üçin bäşinji baýrak bolup, onuň uçardaky hyzmatlarynyň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.
Baýragyň eýeleri ýolagçylaryň özleri tarapyndan kesgitlenildi. TripIt by Concur® programmasy bilen bilelikde geçirilen garaşsyz we anonim gözlegiň dowamynda dünýäniň 600-den gowrak awiakompaniýasyna degişli bir milliondan hem köp uçuşa baha berildi. Bahalandyrma bäş ýyldyzly ulgam boýunça bäş ugurda geçirildi: oturgyçlaryň amatlylygy, uçardaky işgärleriň işi, iýmit we içgiler, güýmenje hyzmatlary hem-de Wi-Fi.
Turkish Airlines awiakompaniýasynyň aşhana ugrunda gazanan üstünligi türk myhmansöýerlik däpleriniň baý naharlarynyň sanawy we hakyky milli tagamlar bilen utgaşdyrylmagy bilen baglydyr. Uçarda hödürlenýän Flying Chef hyzmaty naharlanmagy doly aşhana tejribesine öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmat alty yklymdaky 130-dan gowrak ýurdy öz içine alýan ugurlarda elýeterlidir.
Turkish Airlines awiakompaniýasy Star Alliance howa gatnawlary bileleşiginiň agzasy bolup, 1933-nji ýylyň 20-nji maýynda bary-ýogy bäş uçardan ybarat flot bilen esaslandyryldy. 2026-njy ýylda Türkiýäniň milli awiakompaniýasy döredileniniň 93 ýyllygyny belläp geçdi.
Häzirki wagtda kompaniýanyň düzüminde ýolagçy we ýük daşaýan 519 howa gämisi bar. Awiakompaniýa dünýäniň 133 ýurdundaky 358 ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar. Şolaryň 303-si halkara, 53-si bolsa içerki ugurlardyr.