Turkmenportal logo
Şu gün 11:30
24432443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Edil Kuala-Lumpurda ýygnanan ýaly bolduk»: Malaýziýanyň Premýer-ministri Aşgabatdaky diasporasy bilen bolan duşuşyk barada

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Türkmenistana bolan iki günlük resmi saparynyň çäginde Aşgabatdaky malaýziýaly diaspora wekilleri bilen duşuşyk geçirdi diýip, bernama.com habar berýär.

Hökümet baştutanynyň aýtmagyna görä, bu duşuşyk MADANI hökümetiniň ýurduň daşynda ýaşaýan malaýziýalylar bilen gatnaşyklary berkitmäge bolan ygrarlylygyny watandaşlaryna ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Premýer-ministr diasporanyň milli ösüşiň aýrylmaz bölegidigini we döwlet tarapyndan goldaw hem-de ykrar edilmeginiň dowam etdirjekdigini nygtady.

«Aralykdaky uzaklyga garamazdan, olaryň ruhy we agzybirliginiň mähri edil Kuala-Lumpurda ýygnanan ýaly duýuldy» diýip, Anwar Ibrahim özüniň «Facebook» hasabynda ýazdy. Ol şeýle hem diaspora wekillerini Malaýziýanyň halkara abraýynyň kemala gelmegine goşant goşýan «ýurduň resmi bolmadyk ilçileri» diýip atlandyrdy.

Anwar Ibrahim Aşgabada bolan saparyň maksatlarynyň diňe bir söwda-ykdysady gün tertibi bilen çäklenmeýändigini belledi. Ýagny, onuň aýtmagyna görä, bu sapar iki döwletiň arasyndaky dostlugy giňeltmäge, özara düşünişmegi berkitmäge we taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Häzirki sapar Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana guraýan ilkinji resmi saparydyr. Bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.