Buýnuzganat empuza (Empuza pennicornis Pallas) mör-möjekleriň Hudaýatylar toparynyň Empuzalar maşgalasyna degişli görnüşdir.
Empuzalaryň bu görnüşi Merkezi Aziýanyň endemigi hasaplanylýar. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1999, 2011, 2024-nji ýyllarda çapdan çykarylan neşirleriniň sanawuna girizildi we ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş hasaplanýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Türkmenistandan daşarda Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda ýaýrandyr. Bu jandaryň daşky görnüşi örän täsin, bedeniniň uzynlygy 50 — 65 mm ýetýär, bedeniniň reňki sarydan-ýaşyl bolup, meýdan ösümlikleriniň reňklerine mahsus. Kellesinde çowly ösüntgileri bar. Empuzalar gijelerine işjeň hereketde bolýar, gündizlerine ösümliklere ýapyşyp bukuda ýaşaýar. Olaryň uly osoblary hem-de uly ýaşdaky liçinkalary gyşlaýar. Olar mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Ýaşaýan ýerleri daglyk ýowşanly, dürli otly ösümlikli meýdanlar, gara sazakly çägeli-çöllük ýerler.
2024-nji ýylda Duşakerekdagynda deňiz derejesinden 2300 m belentliklerde, 2025-nji ýylda Mürzedagda deňiz derejesinden 1200 metrden gowrak belentliklerde hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ikinji ongünlüginde Sekizýap derýajygyna golaý ýerde bellendi (meýdanyň kordinaty N 38˚02.377', E57˚47.031').
Şeýle hem buýnuzganat empuza başga tebigy çäklerde ylmy barlaglaryň geçirilen ýerlerinde hasaba alyndy: 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 22-sine Üstýurt belentliklerde geçirilen barlaglarda Hojasuwa golaý meýdanlarda gündizine liçinkasy bellendi.
2020-nji ýylyň 3-nji maýynda ilkinji gezek Şasenem çäkli goraghanasynyň meýdanynda gara sazaklyklarda biri hasaba alyndy.
Empuzanyň goragy barada Gyzyl kitabyň sahypalarynda zerur çäreleriň geçirilmegi, ýagny ýaşaýan mesgenlerini goralyşyny güýçlendirmek, öri meýdanlarda pestisidleriň ulanylyşyny çäklendirmek barada teklipler berilýär.