Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşyp, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
18-nji maýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar yzygiderli maslahatlaryň we duşuşyklaryň amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki başlangyçlary öňe ilerletmäge ýardam berýändigini bellediler.

Söhbetdeşler ykdysady özgertmeleri goldamak, maýa goýumlary çekmek we strategiki taýdan wajyp bolan taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.